ERTIR TOPARYŇ SAHYPASY. Registrasiýa
Unutdym.

Ýokaryk

Betinden hem Gytyndan.


Krymly 2014-nji ýyl kino barada Gurban93 tarapyndan, Bildirişler bölümine 28 Maý, 2016ý (09:35) ýazyldy
+10

"Krymly". 2014-nji ýylda Türkiýe tarapyndan kinosöýüjilere hödürlenen film. "Krymly" kinofilmi tatar ýazyjysy Çingiz Dagçynyñ 1956-njy ýylda ýazan "Gorkunç ýyllar" romany esasynda surata düşürilýär. Film Beýik Watançylyk urşy döwründe nemes konslagerlerinde ýesir alynan tatar we türkmen ýesirleriniñ başyndan geçiren hasratly wakalary barada söhbet açýar. ...
206 okalan | 5 sany teswir | 5 täze
Ertir

Google Street View kuwwatlytm tarapyndan, Täzelikler bölümine 09 Oktýabr, 2014ý (15:11) ýazyldy
+4

Google Street View, dünýäniň her ýerini internet üsti bilen milýardlap ulanyjylara elýeterli edýär. Muny esasy awtomobiliň üstünde dakylan kamera bilen düşürýärler. Ýöne arap çöllerinde bolsa awtomobilleri ulanyp düşürmek mümkindäl diýilip bilinjek derejede kyn. Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu Dabidäki Liwa Çölünde Google Street View ýazgylary üçin düýeler ulanyldy. Ýörite enjamlar bilen üpjün edilen düýeler 62 km-lik ýoluň wideosyny düşürdiler. Isleseňiz şu linkden wideosyny hem görüp bilersiňiz: http://www.youtube.com/watch?v=4pVCToDTbT4 ...
330 okalan | 4 sany teswir
Ertir

Moskwadaky talantly türkmen gyzjagazy Merjen Hallyýewa barada Dileg tarapyndan, Täzelikler bölümine 02 Maý, 2014ý (12:48) ýazyldy
+53

Merjen Hallyýewa 2001-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanda eneden dogulan. Ol häzir Orsýediň Moskwa şäherinde ýaşaýar. Bu gyzyň kimdigi barada siz megerem bilmeýän bolsaňyz gerek, çünki bu türkmen gyzjagazy modelýer we ýaş aktrisa. “Перелетные птицы” atly film 2014-nji ýylda çykdy. Munda esasy rolda Merjen Hallyýewa oýnady. Film gaty üstünlikli çykan. Filimyň näme baradadygy barada aýdyp otyrjak, çünki muny özüňiz görersiňiz. Şol film esasynda men hem şu türkmen gyzjagazy barada bildim, sebäbi bu filimy NTW teleýaýlymynda görkezdiler we Merjen Hallyýewa ady baş rollarda bolansoň bu gyzyň türkmendigini aňdym.http://www.ntv.ru/kino/Pereletnye_pticy/m38460/o204811/ Onyň kino düşýänliginiň sebäbini onyň alan bilimleri esasynda bilseň bolýar:- “Talantino” kino mekdebi- “Вольные мастеровые сцены” teatr studiýasy- Model mekdebi “Prezident kids”Düşen...
3892 okalan | 35 sany teswir
Ertir

Toparlyň hem özüne degişli sahypasy. agajanh tarapyndan, Täzelikler bölümine 02 Sentýabr, 2013ý (03:43) ýazyldy
+26


Antuan
1 manat
Salawmaleýkim hormatly agzalar!Düýn herkime özüne degişli at saýlamaga rugsat beripdik. Indi toparlar hem özüne degişli at saýlap bilerler. Toparlaryň sahypasy hem häzirki wagtda täze görnüşde görünýär. Ýagny aşakdaky ýaly şekilde.Men hem boş wagtlarym, "Täze Nesil" toparyny ýöreden bolýan.Salgysy: http://news.ertir.com/ ...
1048 okalan | 15 sany teswir
Ertir

Şahsy sahypaňyz ýokdymy? Indi bar! agajanh tarapyndan, Täzelikler bölümine 01 Sentýabr, 2013ý (09:01) ýazyldy
+45


Antuan
1 manat
Salawmaleýkim hormatly agzalar!Bu günler dogrusy her ugurda bir üýtgeşme edip galýas. Dogrusy şu ýyl adam sanynyň has hem köpeljekdigine garaşýas we toparlar we ş.m aýry-aýry bölümlerden hem üýtgeşik zatlary barlap görýäris. Bularyň käbiri has gerekli, käbiri bolsa entek ulanmak wagty däl. Ýöne bu zatlary etmän bilip bolmaýar. Şu gün ekspriment özgertmeleriň birini geçirdik.Indi herkimi öz şahsy sahypasy bar. Meselem meniňki http://agajanh.ertir.com.Girilende aşakdaky ýaly görünýär. Meniň pikirlerim we bloglarym, gapdalda bolsa suratym we özüm barada, ondan başgada görkezen bolsam email, weçat, skype ýaly habarlaşma ulgamlary çykýar.Bu görnüşi açmak üçin, Maglumatlary üýtget diýen ýere girip, "Domain ady:" diýen ýere näme at isleseňiz ýazyp bilersiňiz. Meselem meniň agza adym agajanh...
3032 okalan | 43 sany teswir
Ertir

Toparlarda özgertmeler. agajanh tarapyndan, Täzelikler bölümine 30 Awgust, 2013ý (05:58) ýazyldy
+37

Salawmaleýkim hormatly agzalar!Bu günlerde hem saýdymyzda birnäçe özgertmeler geçirýäs. Meselem Pikirlerde bölüminde filterler, soňra agzanyň sahypasynda pikirlerini filter etmek, çat we ş.m işleri geçirdik. Bulardan köpiňiziň habaryňyz bardyr.Bu gün bolsa saýdymyzyň toparlar bölüminde üýtgeşme geçirdik. Görnüşi aşakdaky ýaly:Ilki bilen esasy üýtgeşikligi, indi toparyň içinde pikir hem ýazyp bilersiňiz. Edil beýleki ýerlerdäki ýaly pikirleriňiz hem filterli görüner ýagny bölümlere bölünip, suratlar aýratyn, wideolar aýratyn, gif suratlar aýratyn.Toparyň içinde pikir ýazmak üçin, pikirler diýen ýeriň ýokarjygynda, haýsy topara degişlidigini saýlamak ýeterlikli. Häzirlikçe diňe WWW we Touch görnüşlerinde, topara pikir ýazyp bolýar.2-3 günüň içinde toparlary has hem ösdürmek planymyzda bar...Şeýle hem "Ertir" topary döredildi we täzelikleri ol ýerden yzarlap...
1692 okalan | 27 sany teswir
Ertir

Ertirde täze özgertmeler. agajanh tarapyndan, Täzelikler bölümine 25 Awgust, 2013ý (00:30) ýazyldy
+59

Salawmaleýkim hormatly agzalar!Armaňda?Bu özgertmeleri köpler bilýändir. Ýöne ýaňy pikirlerde biri düýn edilen zatlary şuwagt bilip ýör. Şol sebäpli, başgada okamadyklar bardyr, garaz habarly etmek maksady bilen açýan.Birinji bilen, öň pikirlerde adam adyny tutup @ ýazylanda, türkmençe harp, znaklar zatlar bolsa baranokdy. Soňam her pikirde adyny ýazjak bolsaň kyn düşýärdi. Şoň üçin herkim ýazyp ýatyr, kim-kime diýýär, ýa-da okalman galýan pikirler kän bolýardy. Şoň üçin indi, adynyň gapdalyna getirseňiz, aşakdaky ýaly belgijik çykýar. Şoňa basanyňyzda göni ady ýazylýar we iberen wagtyňyz oňa habar berýär. Adynda nähili belgi bolsada. WWW we touch görnüşinde geçirildi. Touch-da, şojagaz teswiriň üstüne basanyňyzdan soň gapdalyndan çykar. Ýagny myşka bilen üstüne eltmek bolýar...
3760 okalan | 45 sany teswir | 1 täze
Ertir

Ertir-de käbir üýtgeşmeler. agajanh tarapyndan, Umumy gürrüňdeşlik bölümine 22 Awgust, 2013ý (22:41) ýazyldy
+56


Engineer
1 manat
Salawmaleýkim hormatly agzalar.Armaňda?Bu gün hem saýdymyzda iki sany kiçijek üýtgeşme geçirdik. Olaryň biri öň pikirlere sygmaýan zatlary blog edip açýardylar. Meselem kiçiräk bir maglumat, ýöne paýlaşmak isleýäňiz, ýa-da birýerden tapan we gowy gören goşgyňyz. Şeýle zatlar üçin blog açyp otyrmaz ýaly, pikirlerde paýlaşylsa has gowy bolar diýip pikir etdik. Şol sebäpli, öň pikirler 140 harp içine alýan bolsa, indi 1000 harp içine alýar. Ýöne ýene-de öňki ýaly 140 harp görkezýär, ýöne üstüne, WAP-da bolsa "dowamy" basylandan soň onda doly görnüşi açylýar. Goşgylar hem goşgy ýaly çykýar. Diňe bir setirde dälde.Ikinji üýtgetmämiz hem ýönekeýje üýtgetme, ýöne ulanmak has hem aňsatlaşdyrjak birzat. Ýokardaky habar berijileri, dostluk, şahsy habarlaşma,...
3119 okalan | 52 sany teswir | 3 täze
Ertir

Ertir.com-da käbir üýtgeşmeler. agajanh tarapyndan, Täzelikler bölümine 20 Awgust, 2013ý (15:10) ýazyldy
+47

Salawmaleýkim hormatly agzalar.Bu günler 2 hepde diýen ýaly boş wagtym boldy. Has dogrusy, şu günden başlap. Boş wagtyňda edilýän işem, diňe ertir.com. Hem özgertmekden keýp alýaň, hem birzatlar öwrenýäň, garaz bu 2 hepde-de ýene-de nesip bolsa köp üýtgeşme garaşýar.Bu günkileri gysgajyk aýdyp geçeýin.Ilki bilen gapdaldaky menýuny azajyk ulaltdyk. Öň kiçijekdi we suratjagazlary hem herhili reňkde, garaz kän bir göze ýakymly däldi. Häzirki görnüşi ýokardaky ýaly.Ikinji üýtgeden zadymyz, Baş sahypany açanymyzda öň kategoriýa görä saýlamak üçin ýene-de gyraky menýu gitmelidi we ol ýerden basmaly we ýene-de şeýle. Garaz ulanmak kyndy. Indi edil gyrajykda saýlaw çykýar we göni şol kategoriýalardaky ýazgylary görip bilersiňiz. Soňundan hem şugün näçe mowzuk...
3974 okalan | 39 sany teswir
Ertir

Ertir - giňelmegiň ugrunda: Vkontakt agajanh tarapyndan, Bildirişler bölümine 13 Awgust, 2013ý (14:40) ýazyldy
+98


Antuan
5 manat
Salawmaleýkim hormatly agzalar!Häzirki wagtda türkmenleriň hem diýmäýinde, umumy türkmenistanlylaryň köp böleginiň ulanýan sosiýal saýdy Vkontakt bolsa gerek. Ondan soň Odnoklassniki, Facebook, Google Plus we Twitter. Garaz biz hem bu statistikany göz öňünde tutup, Ertir.com sahypamyzy reklama edýän, ýagny bärde ýazyljak gyzykly maglumatlar we ş.m bloglary Vkontaktde hem paýlaşsak diýen karara geldik.Sebäbi bärde ýazylýan, paýlaşylýan ýazgylary her ýerde elýeterli etmek, agza sany köp bolmasada, okyjy sanyny köpeltmek, bir ýazylan zady türkmenleriň köp böleginiň habarly bolmagy biziň üçin esasy zatlaryň biri.VK-da, adresimiz:https://vk.com/ertircomÝa-da poiskden "Ertir" diýip gözledip tapyp bilersiňiz.Eger VK ulanýan bolsaňyz, ol ýerde hem toparymyza goşulyp, dostlaryňyz bilen bu topar hakynda paýlaşsaňyz biziň üçin uly kömek etdigiňiz bolardy....
6601 okalan | 82 sany teswir | 3 täze
Ertir

Ertirde özgertme. Aýdymlar! agajanh tarapyndan, Umumy gürrüňdeşlik bölümine 29 Iýul, 2013ý (19:57) ýazyldy
+69


Neutron
1 manat
Salawmaleýkim hormatly agzalar!Bu gün ýene-de sahypamyzda özgertme geçirdik. Indi halaýan aýdymlaryňyzy göni ertir.comyň üstünen diňläp bilersiňiz. Halaýan aýdymlaryňyzy playlist döredip saklap, paýlaşyp bilersiňiz.Häzirlikçe diňe WWW görnüşinde.Aýdymy göni skaçat edip hem bolýar. Gyrasynda razmerini aýdýar we adynyň üstüne basyp, kompýuteriňize alyp bilersiňiz.Ondan başgada, häzirlikçe içinde aýdym kän ýok. Ýöne üsti doldyrylýar. Sizem aýdym ýükläp bilersiňiz. Kompýuteriňizden, soňam URL görnüşinde.Garaz saglykda ulanalyň. ...
3128 okalan | 78 sany teswir
Ertir

Ertiriň Rekordsmenleri. Häzirki güne çenli (28.07.2013) agajanh tarapyndan, Bildirişler bölümine 28 Iýul, 2013ý (13:47) ýazyldy
+71


Engineer
5 manat
IŇ KÄN BLOG AÇANLAR    1. Zhirkov85tkm - 617 sany    2. kab - 522 sany    3. diplomat2012 - 505 sany    4. Friendship - 449 sany    5. Sham - 371 sany    6. Batyr - 346 sany    7. yhlasly - 259 sany    8. Iniesta88 - 251 sany    9. taryhçy - 247 sany    10. Lebap_arsary - 244 sanyIŇ KÄN PIKIR ÝAZANLAR    1. turkmentalyp - 10,988 sany    2. F.C Internazionale - 8,288 sany    3. UniQue MiRacLe - 8,030 sany    4. Basta_tm - 7,594 sany    5. Mähri - 7,041 sany    6. Agza2012 - 6,658 sany   ...
6134 okalan | 90 sany teswir
Ertir

Täze Gözleg. Ertirde özgertme! agajanh tarapyndan, Täzelikler bölümine 18 Iýul, 2013ý (19:58) ýazyldy
+101


unkown
5 manat
Salawmaleýkim hormatly agzalar!Soňky günler öz işlerim bilen kän ertire el degmedi. Ýöne bu gün saýdyň iň ejiz tarapy, ol hem birzady gözläniňde tapmak kyn bolan ýagdaýyny has aňsatlaşdyrdykmykak diýýän.Öňki gözlegimiz Google üsti bilen gözleýädi. Elbetde google hemme ýerden tapyp berýär, ýöne ulanmak kyndy. Sebäbi google uniwersal gözleg systemasy we her saýda görä düzülen däl. Indi öz gözlegimiz bar we bloglara, teswirlere we pikirlere görä aýratyn gözläp bolýar.Bu özgertme diňe touch we www görnüşinde geçirildi. WAP-çylar ýene-de gaty görmesin, olara hem ýakynda gelermikä diýýän. Asyl öň touch görnüşinde gözleg ýok ekeni, indi baş sahypada "Gözleg" diýen ýere basyp gözläp bilersiňiz.WWW-dakylar üçin bolsa öňki ýerinde, ýokarda çep çüňkde,...
5559 okalan | 74 sany teswir | 1 täze
Ertir

Ertir döwüldi - Indiki ýagdaý. agajanh tarapyndan, Täzelikler bölümine 06 Iýul, 2013ý (11:51) ýazyldy
+117


Nazar
5 manat

Metehan
1 manat
Salawmaleýkim hormatly agzalar.Kimdir biri tarapyndan, ertir.com sahypamyz döwüldi. Häzirki wagtda ol deşik ýapyldy. Parollar öň hem aýdyşym ýaly, hash-de saklanýar. Ýagny şifirlenen görnüşde. Yzyna gaýtarmak mümkin, ýöne haçanda diňe san ýa-da aaaa, bbbb ýaly parol bolsa. Eger şeýle parolyňyz bolsa çalyşmagy maslahat berýän. Kimdir biri näçe anonim boljak bolsada özüni belli etdi.Häzirki wagtda telefon nomeri, ady familýasy we öýüniň adresi bar.Häzir kanun tarapdan näme çäre görip boljakdygy hakynda öwrenýäs.Şu blogda täzelik bolsa ýetireris.Ýene-de bir gezek bolan ýagdaý üçin ötünç soraýarys. ...
10033 okalan | 203 sany teswir
Ertir

Ertirde täze özgertme - Kitaphana! agajanh tarapyndan, Täzelikler bölümine 29 Iýun, 2013ý (01:07) ýazyldy
+73

Salawmaleýkim hormatly agzalar. Bu günler hem ertir.comy has hem peýdaly etmek üçin oglanlar bilen birnäçe işler edilýär. Esasan hem, Nitrogen ikimiziň bu günler azajyk boşurak wagtymyz bolany üçin öz proýektimize sarp edeli diýişdik we bu gün hem bu işleriň netijesi bilen tanyşdyrmakçy.Köpden bäri agzalaryň birnäçesi kitaphana bölümiň açylmagy hakynda teklip ýazdylar. Elbetde, ol teklipler 2010-njy ýyldan bäri gelýän ekeni, arhiw dörip gözledip gördik, kimiň näme islegi bar we nämeler diýipdirler. Garaz şol islegleriň hem köpüsini göz öňünde tutup bu gün Kitaphana bölümi açdyk. Häzirlikçe diňe www we touç görnüşlerinde.Kitapahana islendik agza hem kitap goşup biler. Kitaplar birnäçe ugurlara görä bölünýär. Romanlar, prozalar we ş.m. Soňundan hem...
10060 okalan | 88 sany teswir
Ertir